- ýyldyrym
- Atmosfera elektrikleriniň toplanmagyndan howada birden ýüze çykýan ýagtylyk, razrýad.∙ Onuň manlaýyndaky depeli ýyldyrym ýaly ýalpyldady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Yzly-yzyna çakýan ýyldyrymyň şöhlesiçeri düşýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)◊ ýyldyrym urmak — Ýyldyrym degip, heläkçilige sezewar bolmak.◊ ýyldyrym ýaly süýnmek — Çakdanaşa çalt gitmek, çalt çapmak, çalt hereket etmek, ylgamak.∙ Ýyldyrym ýaly süýnýän atlaryň toýnaklarynyň güpürdisi giň sährany doldurdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.